Öndüriji barada maglumat
Bazarda eýýäm takmynan 20 ýyl bolmak bilen, «HASAR» Türkmenistanda iri we belli konditer öndüriji bolup durýar. Kompaniýanyň süýji-köke önümleri diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäginden uzaklarda hem meşhurlyga eýedir. Ol öz alyjylaryny Owganystan, Yrak, Päkistan, Hytaý, Gazagystan, Saud Arabystany, Oman, Kuweýt, BAE, Täjigistan, Gyrgyzystan, Russiýa we dünýäniň beýleki sebitlerinde tapmagy başardy.Häzirki wagtda kärhananyň işgärleri öz öňlerinde täze maksatlary goýdy, munuň üçin kompaniýada ähli şertler bar.
Kärhanada kompaniýanyň şertleri we talaplary nazara alnyp işlenip taýýarlanan, iň soňky tehniki işläp taýýarlamalara laýyk gelýän ýewropa önümçiligine degişli konditer önümlerini öndürýän enjamlar gurnaldy. Bu ýerde ýokary derejeli enjamlarda işlemeklige ukyply bolan, örän oňat okadylan işgärler zähmet çekýärler.Kompaniýanyň ýokary ösüş derejesini türkmen süýji önümlerini öndürijileriniň halkara sergilerine gatnaşyp, mynasyp bolan hil şahadatnamalary hem güwä geçýär.
Şeýlelikde, “Hasar” kompaniýasynyň türkmen süýji önümlerini öndürijileri şu ýyl Moskwadaky «World Food», BAE-de, Germaniýada we Stambulda geçirilen halkara sergilerine gatnaşdylar. Bu ýerde, ýagny täze önümleri halkara bazarlaryna çykarmak üçin bütin dünýäde ykrar edilen meýdaçasyndaky görkezişler, şol sanda süýji-köke önümleriniň hil derejesi synagyndan uly üstünlik bilen geçdi.