Milli Onum logo
1227 Türkmen öndürijileriň
766 Türkmen önümleri

Biziň hyzmatlarymyz

Alyjylar üçin:

  • Önümleri tapmak we Önümleriň katalogyna girizilen milli üpjün edijiler bilen habarlaşmak;
  • söwda maglumatyny, satyn almak üçin hödürlemäni ýa-da hyrydarlygy ýerleşdirmek;
  • «Made in Turkmenistan» saýtynda hasaba alynmak, dürli maglumatlary okamak we saýtyň hödürleýän beýleki amallaryndan tölegsiz peýdalanmak;
  • Türkmenistanyň işewür durmuşynda bolup geçýän wakalar, ýurtda geçirilýän halkara tenderleri, şeýle hem çäreler – sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, bäsleşikler we beýlekiler hakyndaky maglumatlar bilen dessin tanyşmak.

Milli önüm öndürijiler, üpjün edijiler we eksportýerlar üçin:

  • «Made in Turkmenistan» katalogyna şereket we önümler hakyndaky maglumaty girizmek we täzelemek;
  • dünýä boýunça alyjylary ýa-da olaryň hyrydarlygyny tapmak;
  • «Made in Turkmenistan» saýtynda ýerleşdirilen mahabatyň, internet sahypalarynda ýerine ýetirilen gözlegde çykmagynyň kepilligi;
  • mahabat gullugynyň üsti bilen «Made in Turkmenistan» saýtynyň baş sahypasynyň ekspoziýasyny almak; ýa-da «Made in Turkmenistan» mahabat gullugynyň üsti bilen baş sahypanyň ekspoziýasyny almak;
  • mahabatyň kömegi bilen önümi we brendi öňe ilerletmek;
  • “GS1 Türkmenistan” geçirýän treninglerine we maslahatlaryna gatnaşmak mümkinçiligi;
  • ýurduň işewür durmuşynda bolup geçýän wakalar, , şeýle hem halkara çäreleri, sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, bäsleşikler we beýlekiler hakyndaky maglumatlar bilen dessin tanyşmak.

Dünýä boýunça üpjün edijiler üçin:

  • Söwda maglumatyna kärhana we söwda hakyndaky maglumaty goşmak;
  • Söwda maglumatynda dünýä boýunça alyjylary ýa-da olaryň hyrydarlygyny tapmak;
  • «Made in Turkmenistan» mahabat gullugynyň kömegi bilen önümi we brendi mahabat etmek.