Milli Onum logo
1227 Türkmen öndürijileriň
766 Türkmen önümleri

Biz hakynda

«Türkmenistanda öndürildi» – öz işewürligini has-da giňeltmäge ymtylýan, işjeň önüm öndürýän hem-de täze hyzmatdaşlary gözlemäge, sanly söwdany alyp barmaga isleg bildirýän taraplar üçin maglumat beriji internet-gözükdirijidir.
«Made in Turkmenistan» taglymaty – elektron iş meýdançasyna (katalogyna), Türkmenistanda öndürilýän önümler we ýerine ýetirilýän hyzmatlar hakynda täzelenip durulýan binýatlyk maglumaty ýerleşdirmek hem-de ony mümkin bolan halkara hyzmatdaşlara ýetirmek üçin döredildi. «Made in Turkmenistan» saýty dünýä boýunça alyjylaryň we türkmen üpjün edijileriň arasyndaky boşlugy aradan aýyrmaga ýöriteleşdirilen, dünýä boýunça öňdebaryjy portal bolmaga ymtylýar.
Saýtdan dürli-dürli önümleri öndürijiler, öndürilýän önümleriň halkara standartlaryna we kadalaryna laýyklygy hakynda peýdaly we dessin maglumaty tapmak mümkindir.
«Made in Turkmenistan» elektron meýdançasy – Türkmenistanyň bazaryny, onuň eksport mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen, milli önüm öndürijileriň harytlarynyň dünýä bazarlarynda ilerledilmegine, olaryň bäsdeşlik ukybynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.
Saýt Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy «GS1 Turkmenistan»  tarapyndan döredildi.
«Made in Turkmenistan» - Türkmenistandaky täze önümçilikler, innowasiýalar, täzeçillikler, dünýä bazaryndaky üstünlikler we ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan işewür çäreler hem-de beýleki möhüm wakalar hakynda maglumat çeşmesidir.
Biz internetden peýdalanyjylaryň giň toparyny, şol sanda, telekeçileri, eksportýerlary we harytlary hem-de hyzmatlary sarp edijileri, şeýle hem, Türkmenistanda işewürligini ösdürmäge gyzyklanýanlary, türkmen hyzmatdaşlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga isleg bildirýänleri ýa-da eýýäm ýurtda öz işini amala aşyrýanlary gurşap almaga çalyşyýarys.