Milli Onum logo
1227 Türkmen öndürijileriň
766 Türkmen önümleri

Önüm ýerleşdirmegiň tertibi we şertleri

«Made in Turkmenistan» saýtynda önüm öndüriji, önüm we hyzmat hakyndaky maglumaty ýerleşdirmegiň tertibi we şertleri:

- Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň "GS1 Türkmenistan" agzasy bolmaly (hökman);

- GS1 Türkmenistan bilen şertnama baglaşmaly;

Şu aşakdaky maglumatlary bilen üpjün etmeli:

- Öndüriji we onuň harydy hakyndaky maglumat anyk kesgitlenen GS1 standartlary boýunça nusga laýyklykda maglumat göterijilerde üpjün edilmeli;

- Önüm öndürijiler Verified by GS1 programmasynyň talaplaryna laýyklykda we “Şereketleriň we harytlaryň Global Registry” hasaba alnan ýagdaýynda GS1 Türkmenistanyň makullamagy bilen Kataloga girizilýär;

- Şereketleriň we harytlaryň Global Registry sanly halkara katalogda hasaba alynýar.

Bellik: Global Registry (Önüm öndürijileriň we riteýlerleriň halkara katalogy). Taslama, 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndan dünýä riteýlerleriniň we dünýä belli brendleri öndürijileriň GS1 halkara guramasynyň standartlarynyň binýadynda durmuşa geçirýän täze dünýä boýunça başlangyjy bilen baglanyşyklydyr. Global Registry taglymatynyň durmuşa geçirilmegi harytlaryň halkara katalogynyň döredilmegine ýardam bermek bilen, öz gezeginde öndürijiden sarp edijä çenli eltip bermegiň halkalarynyň doly aýdyňlygyny üpjün eder, şeýle hem, kontrafakt harytlar bilen göreşe ýardam berer.