Saýtyň syýasaty
«Made in Turkmenistan» saýtynyň işi Türkmenistanyň elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar we döwletiň daşary-ykdysady strategiýasyny, durmuşa gönükdirilen maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilendir.
«Made in Turkmenistan» onlaýn meýdançasynyň döredilmegi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» we pudaklary ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berer.
Biziň maksadymyz – milli önüm öndürijileriň ýokary eksport mümkinçiligine eýe bolan harytlarynyň eksporta iberilýän möçberini ösdürmek üçin şertleri döretmek, «Türkmenistanda öndürildi» milli brendini öňe ilerletmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlyk gurallaryny kämilleşdirmek.
Biz öz üstümize, elektron meýdançalaryň işi hakynda bildirilýän ähli milli we halkara talaplaryna laýyk gelmek babatynda borçnama alýarys, şonuň bilen birlikde, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak hem-de dolandyryşyň kämil gurallaryny peýdalanmak bilen, ýerine ýetirilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işimizi yzygiderli esasda kämilleşdirmäge ymtylýarys.