Made in Turkmenistan
1734 Türkmen öndürijileriň
10133 Türkmen önümleri

Türkmenistan GS1 – 2026 Baş assambleýasynda tanyşdyryldy

22.05.26 ý.

GS1 – 2026 Halkara guramasynyň Baş assambleýasy şu ýylyň 18-21 maýy aralygynda Warşawa şäherinde (Polşa) gibrid formatynda geçirildi. Bu çäre global edara jaýynyň esasy bölümleriniň we GS1 jemgyýetiniň agzasy bolan milli guramalaryň ýüzden gowrak wekillerini, şeýle hem korporasiýalaryň ýokary ýolbaşçy düzümini bir ýere jemledi. Forumyň işine pudaklaýyn hyzmatdaşlar we tehnologiýalar boýunça bilermenler hem çekildi.

Ştrih-kodlar boýunça Türkmenistanyň Milli guramasyna “GS1 Türkmenistan” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa wekilçilik etdi.

Şu ýyl GS1 Baş Assambleýasy “Iş ýüzündäki garaýyş: Geljegi gurýan liderlik” diýen tematiki at bilen geçirildi we däp bolşy ýaly, bitewi strategiýany ylalaşmaga, bilim alyşmaga we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirildi. Hususan-da, işewürlik, sarp edijiler, düzgünleşdiriji edaralar we emeli aň ulgamlary üçin maglumatlara bolan ynamy ösdürmek meseleleri birinji hatara öňe sürüldi.

«VISION 2030» global strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ädimleriň tassyklanmagy we söwda ulgamlaryny iki ölçegli kodlara (2D ştrih-kodlara) geçmek üçin täzeden enjamlaşdyrmagy ylalaşmak GS1– 2026-nyň Baş assambleýasynyň esasy wakalarynyň biri boldy. Geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça bölek söwdanyň standart çyzykly ştrih-kodlardan täze nesliň iki ölçegli kodlaryna global derejede geçmeginiň operasion meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem bütin dünýäde skanirleme enjamlaryny köpçülikleýin täzelemek üçin öňdebaryjy tehnologik üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyk berkidildi.

«Emeli aň we maglumatlara bolan ynam» temasyna bagyşlanan sessiýalaryň çäklerinde wekiller harytlaryň atributlaryny baýlaşdyrmak we olaryň hakykylygyny barlamak üçin emeli aňyň binýadynda maglumatlary integrasiýalaşdyrmagyň täze guralynyň işe girizilmegini ylalaşdylar. Üpjünçilik zynjyryny awtomatlaşdyrýan emeli aň ulgamlaryny okatmak üçin maglumatlaryň hilini we aýdyňlygyny ýokarlandyrmak barada jarnama kabul edildi.

Ekologiýanyň we sirkulýar ykdysadyýetiň özara baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşmagyň netijesi bolsa, durnukly dolanyşykly ykdysadyýete (çig maly gaýtadan işlemäge) geçmek üçin harytlaryň durmuş sikline gözegçilik etmegiň mehanizmleriniň işlenip düzülmegi boldy. Gatnaşyjylar ýewropa we global bazarlary üçin önümleriň sanly pasportlaryny döretmekde identifikasiýa standartlarynyň ornyny berkitdiler.

Wekiller ýolbaşçylaryň derejesindäki networkinge (işewürlik tanyşlygyna) gatnaşdylar. GS1 Halkara guramalarynyň liderleri netijeli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öňdebaryjy tejribelerini alyşdylar.

Milli guramalaryň we GS1-iň Global geňeşiniň ýolbaşçylary guramaçylyk meselelerine seretdiler hem-de indiki maliýe döwri üçin korporatiw maksatnamalary we býujeti biragyzdan tassykladylar. Şeýle-de, GS1-iň Müdiriýetiniň düzümine täze dalaşgärler tassyklanyldy.