Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredilmeginiň nobatdaky ýyl dönümini belledi
21.08.26 ý.
21-nji awgustda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň (TSTP) döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä guramanyň Aşgabat şäherindäki, Arkadag şäherindäki we Ahal welaýatyndaky bölümleriniň agzalary gatnaşmaga çagyryldy.
Çykyş edenler geçen döwrüň dowamynda gazanylan üstünlikleri belläp geçdiler we döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň häzirki tapgyrynda TSTP-niň öňünde durýan ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdiler.
Däp bolşy ýaly, Partiýanyň işjeň agzalaryna Hormat hatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy kiçi we orta işewürligi goldamak, telekeçileriň hukuklaryny goramak we bazar ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen 2012-nji ýylyň 21-nji awgustynda Aşgabatda geçirilen esaslandyryjy gurultaýynda döredildi.
Gurama Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda resmi taýdan hasaba alnan ikinji syýasy partiýa bolup, ýurtda köppartiýalylyk ulgamynyň kemala gelmegine badalga berdi.
Döredilen gününden bäri geçen 14 ýylyň dowamynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Türkmen döwletiniň jemgyýetçilik durmuşyna iň işjeň gatnaşyp, köp sanly ýagşy işleriň hem-de başlangyçlaryň eýesi hökmünde özüni tanatdy.