Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
20.08.26 ý.
19-njy awgustda Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynyň Sergi merkezinde «Kids Expo: Çagalar üçin ähli zat» atly Halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.
8 müň inedördül metr meýdany eýeleýän bu her ýylky ýöriteleşdirilen sergi 100-den gowrak sergä gatnaşyjyny birleşdirýän meýdança bolup hyzmat edýär. Olaryň hatarynda döwlet we hususy düzümler, halkara guramalar, çagalar hem-de ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, şeýle hem bilim, aň-paýhas terbiýesi we sport ugurlarynda hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy ýerli we daşary ýurt bilim merkezleri hem-de kompaniýalary bar.
Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary mowzuklaýyn önümleriň giň toplumyny, şol sanda täze doglan bäbekler we dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen ýokary hilli harytlaryň baý görnüşlerini, bilim we döredijilik taslamalaryny, innowasion tehnologiýalary, çagalar modasyny, sport we dynç alyş harytlaryny görkezýän köp sanly diwarlyklar bilen tanyşýarlar. Sergi meýdançasynda mekdep esbaplary üçin ýörite pawilýonlar guraldy. Bu ýerde täze okuw ýylynyň başlanmagyna gerek bolan ähli zerur zatlary, şeýle hem çagalar mebellerini satyn almak mümkinçiligi döredildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwerlik işine bagyşlanan diwarlyklar, şeýle hem «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilýän lukmançylyk maksatly önümler sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.
Serginiň maksatnamasy dürli meýdançalarda geçirilýän çäreleri öz içine alýar: çagalar zehin zolagy, hünärler şäherçesi, STEM-ylmy zolagy, planetariý, seminar zolagy we Art-zolagy. Çagalar üçin interaktiw oýun meýdançalary hem guraldy.
Serginiň işiniň birinji gününde ýerli animator-multiplikatorlar tarapyndan döredilen ilkinji 3D animasiýa tapgyrynyň görkezilişi, şeýle-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi tarapyndan döredilen çagalar üçin güýmenje mazmunly «Nowça» sanly platformasynyň tanyşdyrylyşy boldy. Sanly platformada çagalar üçin suratly elektron kitaplar, türkmen we daşary ýurt multfilmleri hem-de beýleki gyzykly maglumatlar ýerleşdirilendir.
Sergi maksatnamasyna dünýäniň 10 ýurdundan bu aň-paýhas oýnunyň zehinli wekilleriniň gatnaşmagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt bäsleşigi hem girizildi. Ýaş küştçüler Halkara mekdep küşt federasiýasynyň tälimçileriniň we ussat grossmeýsterleriň ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp bilerler.
Halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilýän günlerinde robototehnika boýunça taslamalaryň görkezilişi, mental arifmetika boýunça bäsleşikleriň guralmagy, şeýle hem çagalar eşikleriniň moda görkezilişleri göz öňünde tutuldy.
Halkara forum çagalaryň bilim-terbiýe işine gatnaşýan hünärmenler we ene-atalar üçin uly peýda getirjek çärelere baýdyr.
Sergi öz işini 22-nji awgustda tamamlar.