Made in Turkmenistan
1843 Türkmen öndürijileriň
5351 Türkmen önümleri

Daniýada GS1 in Europe – 2025 sebit forumy geçirildi

13.10.25 ý.

Kopengagen şäherinde (Daniýa) 6-njy oktýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda GS1 in Europe – 2025 - «Geljegi bilelikde gurýarys» atly sebit forumy geçirildi.

Milli guramalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde onuň işine Türkmenistan boýunça GS1 guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa hem gatnaşdy. Ýylyň baş sebitleýin çäresi hyzmatdaşlyk etmek, pikir alyşmak we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin 49 guramany – agzalary, bilermenleri we çagyrylan myhmanlary bir ýere jemledi.

Bu ýylky Forum amaly çözgütlere, ylham beriji pikirlere we GS1 jemgyýetçiliginiň berkidilmegine bagyşlandy. Oňa gatnaşyjylar 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary we meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de 2025-2030-njy ýyllar üçin GS1 guramasynyň umumy strategiýalaryny durmuşa geçirmek babatynda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar.

Umumy mejlisler, interaktiw sapaklar, strategiki pikir alyşmalar we beýleki çäreler bir maksat bilen birleşdirildi – işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler bilen tanyşdyrmak, täze zatlary öwrenmek hem-de Ýewropada GS1 (GS1 in Europe) guramasynyň geljegini gurmaga ýardam etmek.

Forumyň gün tertibi şu temalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny öz içine aldy: “Önümiň sanly pasporty – Biz häzir nirede?”, “Önümiň sanly pasportynyň durmuşa geçirilmegi”, “Has güýçli GS1 döretmek. Ösüşe we äşgärlige täze çemeleşme”.

Wekiller “Ýewropanyň ýaşyl geçişi boýunça gönükdirme” bilen tanyşdylar. Şu meseleler üns merkezinde boldy: bütin Ýewropada lukmançylyk enjamlary üçin maglumatlara bolan talaplaryň utgaşdyrylmagy, tokaýlaryň çapylmagy – GS1 standartlary kömek bermäge howlukýarlar, GS1 standartlary bilen akylly logistika, çözgütleri üpjün edijiler bilen has berk hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy, utgaşdyrylan geljek üçin maglumatlaryň esasy, EPCIS bilen üpjünçilikler zynjyrynyň aýdyňlygy, emeli aň boýunça iň gowy tejribeler, GS1 standartlarynyň esasynda QR kody we beýlekiler. Forumyň çäklerinde “Hereket edýän sertifikatlaşdyrma” we “Görkeziş 2030” : Strategiýany herekete geçirme” tälim beriş okuwlary geçirildi.

Sebitiň milli guramalarynyň ýolbaşçylary öz işleriniň esasy ugurlary, kesgitli ýurtlarda GS1 standartlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy hem-de GS1 Halkara Birleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň sebit we halkara derejelerinde kämilleşdirilmegi bilen bagly wajyp meseleler barada habar berdiler.

Foruma gatnaşyjylar şu ýyl sebit forumyny kabul ediji ýurt hökmünde çykyş eden Daniýa döwletinde GS1 guramasynyň taryhy bilen tanyşdyryldy.

Däp bolup gelşi ýaly, GS1 in Europe – 2025 sebit forumynyň çäklerinde guramanyň müdirýetiniň mejlisi geçirildi.